info@tpsadvertising.com +99312 454111

Kompaniýa hakda

Ýurtda deňi-taýy bolmadyk doly hyzmatlar aýlawyny ýerine ýetirýän kompaniýa. TPS-iň artykmaçlygy ähli mahabat hyzmatlarynyň bir ýerde jemlenmegidir. «TPS» Mahabat Agentligi mahabat, mahabaty ýola goýmak, sanly ulgam hyzmatlary, çäreleri guramak, çap, önümçilik, dizaýn, bazary öwreniş we ş.m. ugurlar boýunça köp ugurly kompaniýa bolup, agentligiň artykmaçlyklary söwda bazarynda baý tejribesiniň bolmagy we onuň hemişe täzeliklere we üstünliklere ymtylmagydyr. Biz size diňe iň oňat marketing çözgütlerini we mahabat önümlerini hödürleýäris.

Biziň maksadymyz söwda bazaryna täsir etmek we Türkmenistanda mahabat hem-de marketing hyzmatlarynyň standartyny döretmek. Her bir müşderä öz pikirini beýan etmäge mümkinçilik bermek.

Kompaniýanyň maksatlary:

  • Müşderiniň talaplaryna baglylykda ýokary hilli hyzmatlary bermek;
  • sebitdäki işewürligiň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
  • müşderini üstünlikli mahabatlandyrmak we onuň geljegi üçin mümkinçilikli marka döretmek esaslary boýunça okuw geçirmek.

«TPS» Mahabat Agentligi häzirki wagtda Türkmenistanyň mahabat, marketing we çaphana pudagynda şübhesiz liderdir. Agentlik daşarky mahabatyň dürli görnüşleri boýunça dizaýndan başlap, binanyň içinde we daşynda mahabaty oturtmak we mahabat hyzmatyny bermek, sergi stendleriniň bezegi ýaly doly iş görnüşlerini amala aşyrýar. Mundan başga-da, marketing gözleglerini we metbugat mahabaty, çäreler, önüm çykarylyşy we beýleki mahabat taslamalary üçin hyzmatlary hödürleýäris.

TPS-iň her bir müşderä aýratyn çemeleşmegi, TPS-i milli we halkara sergilerde birnäçe öňdebaryjy kompaniýalar üçin sergilere degişli gurluşlary dizaýn etmek, çap etmek, öndürmek we oturtmak üçin uly şertnamalar bilen üpjün etdi. Tamamlanan taslamalaryň arasynda «Aşgabat» Halkara Howa Menziliniň dizaýny, nebit we gaz kompaniýalarynyň sergisini guramak we bezemek, «Laçin» žurnalynyň çap edilmegi we ş.m. bar.